Ï Türkmenistanyň Kanuny<br> «Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny<br> «Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda

view-icon 12878
I. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 19-njy madda; 2014 ý., № 4, 164-nji madda; 2016 ý., № 2, 98-nji we 103-nji maddalar; 2019 ý., № 1, 10-njy madda; 2020 ý., № 2, 23-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

7-nji maddanyň birinji böleginde «serhet gözegçilik zolagyny,» diýen sözleri «serhet gözegçilik zolagyny, serhet zolagyny» diýen sözlere çalşyrmaly;

23-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«231-nji madda. Serhet zolagy

1. Serhet gözegçilik zolagynyň çäginde gury ýerlerde Döwlet serhedinden, şeýle-de serhet derýalarynyň, kölleriniň we beýleki suw howdanlarynyň kenarlaryndan kesgitlenen aralykdaky ýer böleginde serhet zolagy bellenilýär. Serhet zolagynyň ini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

2. Serhet zolagynda Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda, şeýle hem serhet derýalarynda, köllerinde we beýleki suw howdanlarynda hanalary berkitmek we suwdan peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işlerden başga işleri geçirmek gadagan edilýär.»;

26-njy maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Serhet sebitine, serhet gözegçiligi zolagyna hem-de serhet zolagyna barmagyň, şol ýerde bolmagyň, raýatlaryň we beýleki şahslaryň hereket etmeginiň, hojalyk işlerini geçirmegiň, Türkmenistanyň çäk deňzinde we içerki suwlarynda hem-de Türkmenistanyň serhet derýalarynyň, kölleriniň we beýleki suw howdanlarynyň suw böleginde özi ýöreýän we özi ýöremeýän gämileri hasaba almagyň, olaryň ýüzmeginiň we saklanylmagynyň kadalaryny öz içine alýan serhet düzgüni Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen bellenilýär.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Aşgabat şäheri.
2020-nji ýylyň 22-nji awgusty.
№ 267-VI.